«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024
Häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek hem-de olaryň bioköpdürlüligine aýawly çemeleşmek boýunça toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky milli kanunçylyk binýady has hem kämilleşdirilýär we halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Şol maksatnama esasynda ýurdumyzda her ýyl iki möwsümde, ýagny ýaz we güýz aýlary ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek özboluşly däbe öwrüldi.