Ertir hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki duşuşyklarda, maslahatlarda yzygiderli nygtaýşy ýaly, tebigaty goramak biziň ählimiziň umumy işimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda janly tebigatyň goraglylygy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň çygry ýurdumyzyň çäginden çykyp, halkara jemgyýetçiliginiň mynasyp bahasyna eýe bolýar. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär.