Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň - biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär.