Türkmen halky päklige beslenip gelen Oraza aýyny ruhubelentlik bilen garşylaýar. Mukaddes aýyň gelmegine köpler sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Halkymyz täze dogan Aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýär. Oraza aýynda edilýän dilegler ynsany päklige, sagdynlyga, ynsanperwerlige ruhlandyrýar. Mukaddes Remezan aýy agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň, hoşniýetliligiň, ýagşy gylyk-häsiýetli, arassa ahlakly, göreldeli bolmak hakyndaky ýagşy doga-dilegleriň kabul bolýan aýydyr.
Mukaddes Remezan aýynda Oraza tutmak bolsa adam bedeniniň ähli ulgamyny sagdynlaşdyrýar. Adatça, yzygider işleýän iýmit siňdiriş ulgamy agyz beklän adamda birneme dynçlykda bolýar. Şeýlelikde, beden agzalarynyň zeperlenen ýeri bar bolsa, azda-kände bitişmäge mümkinçilik bolýar. Oraza adamyň ýürek-gan aýlanyş, iýmit siňdiriş ulgamyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Adam bedeniniň degna ulgamyna has köp agram düşýär. Beýnidäki dokumalar we öýjükler endamyň iň näzik, şol bir wagtyň özünde-de gurluş taýdan has ösen bölegidir. Bu dokumalar we öýjükler tutuş bedeniň nerwleri bilen baglanyşyklydyr. Her bir öýjük aýratyn wezipäni ýerine ýetirýär. Köp işleýän merkezi degna ulgamy gany köp talap edýär. Iýmit siňdiriş agzalary nahardan doly bolanda, ganyň aglaba bölegi şol tarapa gönügýär. Netijede, beýnä barýan gan azalýar, gan ýetmedik beýniniň işjeňligi peselýär. Beýni öz funksiýasyny ýerine ýetirip bilmeýändigi üçin çenden aşa nahardan doýan adam ukuçyl bolýar, kän bir hereket edesi gelmeýär. Agzyny bekleýän adamyň bolsa degna ulgamy dynç alýar, munuň özi ony köp dertden goraýar.