Köýtendag - täsin mekan

6 Mart 2024
924

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024, 2.02.2024 hem-de 14.02.2024 sanlarynda)

Umbar deresi - Umbar deresindäki şaglawugyň täsinligine hem haýran galýarsyň. Ýerli ilatyň arasynda aýdylýan rowaýata görä, Umbar deresi Umbar atly adamyň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadym zamanlarda Umbar atly adalatly adam ýaşapdyr. Ol bu ýerlerde ýaşan halky talaňçylardan gorar ekeni. Bir gezek ol talaňçylar bilen söweşende, güýji asgyn gelip, talaňçylar ony ele saljak bolupdyrlar. Ýöne ol ele düşmän, özüne mahsus çalasynlyk bilen Köýtendaga ýarmaşyp ugraýar. Şonda-da kowgy ondan galmaýar. Şol barmana olaryň öňlerinden bir dere çykýar. Deräniň örän giňdigine garamazdan, Umbar dereden ýüzügra böküp geçipdir. Kowguçylaryň bolsa biri hem bu bu dereden bökmäge milt edip bilmändir. Ine, şondan soň bu deräni “Umbaryň deresi” diýip atlandyrypdyrlar. Oňa Umbaryň şaglawugy hem diýilýär.

Jangeldi IŞANKULYÝEW
žurnalist