Ba­gy-bos­san Di­ýa­rym

11 Mart 2024
1266

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024

Türk­men hal­ky geç­miş dö­wür­ler­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şap gel­ýär. Dün­ýä­niň ösen ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­ri­niň esa­sy ojak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, has ta­ky­gy, dag çeş­me­le­ri, amat­ly ho­wa gur­şa­wy bu ýer­le­riň ösüm­lik dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gyn­da wa­jyp or­ny eýe­läp­dir. Ge­çi­ri­len ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ga­dy­my dö­wür­ler­de hem gül­läp ösen ýaý­la­la­ryň bo­lan­dy­gy, paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan­dy­gy, mi­we­li bag na­hal­la­ry­ny giň­den ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Agaç­lar adam zäh­me­ti­niň jan­ly ýa­dy­gär­li­gi bo­lup, onuň te­bi­ga­ta söý­gü­si­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Oguljeren Nyýazowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.