Bahar — köňülleriň aýdymy

10 Mart 2024
1338

Bahar paslynda açylýan gülleri, gülälekleri görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharyň tämiz howasynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şadyýan gülküsi, olara mährini siňdirýän eziz eneler, owadan gelin-gyzlar ýazyň gelşigi.

Baharyň — ýazyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Asmanda birden Gün çykyp, ähli ýer ýaldyrap duran bolsa, birden hem ýagyş ýagýar. Ýaz pasly ähli bag-bakjalar owadan güller bilen örtülýär, meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Bu pursadyň gözelligini synlamak diýseň ajaýyp.

Arazbibi KAKAJYKOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň müdiri.