Maşgalanyň söýesi

6 Mart 2024
1133

Zenan hakda gürrüň gozgalanda, ilki bilen zenanyň el işlerini, sungaty bilen halkymyza goşan beýik goşantlaryny, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, ýaş nesillere göreldesini ýatlanyňy duýman galýaň. Bu babatda nesillere görelde mekdebi bolup hyzmat eden, on barmagynyň hünäri bolan keşdeçilik sungatynyň ussady, Milli Liderimiziň käbesi, hormatly Prezidentimiziň mähriban enesi Ogulabat ejä, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban käbesi, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen beýik ada mynasyp bolan ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa mähriban halkymyz uly sarpa goýýar. Bu beýik ynsanlaryň çeken zähmetleri, olaryň zähmet we durmuş ýollary medeni mirasymyzy giňden ýaýbaňlandyrmakda we nesillere ýetirmekde nusgalyk mekdepdir.

Halkymyzyň taryhyna ser salsaň, türkmenlerde zenanlara aýratyn garaýşyň bolandygyny görmek bolýar. halk dessanlarymyzda, halk döredijiligimizde, nusgawy edebiýatymyzda, açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan taryhy-medeni ýadygärliklerimizde zenan mertebesiniň beýikligi belentden ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny janlandyrýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Gyzbibi ýadygärligi, Pulhatyn köprüsi, Parawbibi ýadygärligi we Nusaý galasynyň taryhynda orun tutan zenanlar barada gyzykly söhbetler açylýar.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.