Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän şertlerdir mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Şolaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bellenilmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda il saglygy baradaky aladanyň öňdäki orunda durýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.