Adam öz kärinden lezzet alyp işlände onuň işe höwesi-de, ukyby-da kämil bolýar. Her gün säher bilen şadyýan çagalaryň arasyna — bakja-bagymyza işe gelenimde ene göwnüm galkynýar. Häsiýeti, daş keşbi boýunça dürli-dürli çagalary synlamagyň özi bar bolan alada-ünjimi unutdyryp, durmuşyma, işime bolan höwesimi artdyrýar. Çagalaryň gaýgy-gamsyz dünýäsine aralaşdygymça kalbym şatlykdan dolýar.
Zenanlarda bahar paslynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşmak endigi bar. Her gün ir bilen iş ýerime — çagalaryň arasyna gelmegim, güler ýüzli balajyklaryň bahar dünýäsine dolmagym meniň bütin ömrümi ýaza öwürýär. Hut şonuň üçin hem men islendik pasylda özümi ýazyň gujagynda ýaly duýýaryn.