Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak üçin giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän şol çäreler suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmek, akabalaryň daş-töweregini tämiz saklamak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we saglyk hakynda wagyz-nesihat etmekligi öz içine alýar.
Bilşimiz ýaly, arassaçylyk saglygyň girewidir. Her bir adam şahsy arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmelidir. Fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin arassaçylyk örän zerurdyr.