Täze önümçiligiň giň mümkinçilikleri

3 Mart 2024
1067

1-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Şanly bedew» hojalyk jemgyýetiniň täze önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Bu önümçilik toplumynda innowasion usullary ulanmak arkaly gurluşyk işlerinde giňden peýdalanylýan polat turbalaryň we profilleriň önümçiligi alnyp barlar. 5 gektar meýdany eýeleýän döwrebap toplum edara binasyndan, önümçilik sehinden we ammarlardan ybarat. Önümçilik kärhanasy iň ýokary takyklyk bilen kesýän enjam, ýokary ýygylykly kebşirleýiş enjamy hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän önümiň tegelek, inedördül we gönüburçly şekilini emele getirýän enjam bilen üpjün edilendir. Ýokary tehnologik enjamlar Italiýanyň, Ýaponiýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilendir. Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 12 müň tonna polady gaýtadan işläp, ýokary hilli polat turbalary we profilleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».