«7/24. tm» № 10 (197), 04.03.2024
«Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir» diýlişi ýaly, agyzlar bir bolanda alynmajak gala ýokdur. Durmuşda agzybirligiň iň esasy zatdygy hemmämize aýdyň hakykat. Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragy bu meselä has çynlakaý çemeleşýär. Sebäbi agzybirlik her döwürde-de gerekdir weli, şahyryň zamanasynda ol zerurlyk bolup orta çykýar.