Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatda halkymyzyň saglygy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Çünki jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär.
Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähli ulgamlarda giň gerime eýe bolýandygyny bellemek ýakymlydyr. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komiteti tarapyndan ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen okuw-maslahatyň barşynda hem muňa aýdyň göz ýetirildi.