Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda goldawa mätäç çagalara berilýän lukmançylyk kömekleri, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň netijeleri, çagalaryň saglygyny dikeltmek ugrunda döredilen mümkinçilikler dogrusynda hasabatlar diňlenildi.
Lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde goldawa mätäç çagalaryň ençemesi saglyklaryny dikeltdiler. Munuň özi kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ynsan üçin onuň jan saglygy gymmatly baýlykdyr. Beden saglygyny gorap saklamak adamyň özüne bagly. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, sowukdan goranmaly, köp keseliň başy sowuklamadan başlanýar. Howanyň her pasla görä özboluşlylygynyň bozulan halatynda, adam bedeninde dürli näsazlyklar ýüze çykyp bilýär we kellagyry, ukynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar döreýär.