Ýedi hazynanyň biri

20 Fewral 2024
2017

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmek barada täze başlangyçlary öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde uly goldawlary berýär, netijeli zähmet çekmäge, ýokary hilli önümleri öndürip, azyk bolçulygyna goşant goşmaga oňaýly şertleri döredýär. “Esasgurluşyk” hususy kärhanamyzyň Daşoguz şäheriniň eteginde ýerleşýän guşçulyk toplumynda önümçiligiň dürli görnüşleri bilen bilelikde, guşçulygy ösdürmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Meýdany 3 gektara barabar bolan kärhanamyzda häzir towuklaryň 130 müňden gowragy saklanylyp, guş etiniň we ýumurtganyň önümçiligi ýola goýuldy.

Döwletmyrat ALLAÝEW,
“Esasgurluşyk” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy.