Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir.
Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlary goýýarlar. Ilata durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlarynyň giň gerimini hödürleýärler. Olar içerki we daşarky bazarlara getirilýän täze önümleri bilen sarp edijileri begendirýärler. Bu bolsa önümleriň görnüşleriniň mahabatynyň giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň eksportynyň artmagyna ýardam berýär.