Bag — durmuşyň bezegi

14 Fewral 2024
1584

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy elmydama üns merkezinde saklan atababalarymyz baglaryň tebigatymyza berýän gözelligini duýup ýaşamagy we ynsan saglygy üçin peýdasyny ýaş nesle düşündirip, olary zähmetde terbiýeläpdirler. Bu ugurda birnäçe nakyllary döreden halkymyz tebigaty gözüniň göreji deýin gorapdyr. Ajaýyp zamanada pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar.

Bag — Zeminiň görki. Ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek, miweli, saýaly we bezeg baglary ekmek ýaşaýşa dowamat bermekdir. Şeýle asylly ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda guralýan ählihalk bag ekmek dabaralary her ýyl uly ruhubelentlige beslenýär. Bag nahallary ekilýär, arassalaýyş we timarlaýyş işleri geçirilýär, agaç nahallaryna göwnejaý ideg edilýär. Günsaýyn özgerýän Diýarymyzyň obaşäherlerinde baglaryň hatary gitdigiçe artýar. Bagy bossanlyklaryň döredilmeginiň maksady bolsa daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak hemde adamlaryň sagdyn durmuşyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. 

Mähriban Kadyrowa,
Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy.