Ýurdumyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gözläp tapmak, işläp geçmek we rejeli peýdalanmak halk hojalygyny ösdürmegiň esasy meseleleriniň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar we bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli çözgütleri amala aşyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň hatarynda durýan Ýasga ýerasty köli içgin alada mynasyplygy bilen tapawutlanýar. Bu süýji suw ýatagy günbatarda Uly Balkan, günortada Kiçi Balkan, gündogarda Köpetdag gerişleri, demirgazykda Garagum sährasy bilen gurşalyp alnan, linzanyň uzynlygy, takmynan, 60 kilometre, ini bolsa 25 kilometre deň. Suwy özünde saklaýan esasy jisim çäge bolan bu ýatakda suwuň galyňlygy 60-70 metre ýetýär.
1957-1958-nji ýyllarda G.N.Ýomudskiý we N.G.Şewçenko tarapyndan Ýasga süýji suw linzasynyň üsti açylyp, 1963-nji ýylda ol doly özleşdirilip ulanyşa berilýär. Düzüminde suw saklaýan çetwertik döwrüniň çökündileri, esasan, terrigen görnüşli dag jynslaryndan, iri däneli fraksiýalardan durýar. Bu döwrüň aşaky bölegi alewrolitler, çägeler bilen häsiýetlendirilýär. Ýokary çetwertik döwrüniň çökündileri az derejede alewrit, toýun görnüşlerinden durýar. Ýasga suw ýatagynyň duzlulygy 1 g/l-den aşak bolan süýji suw bölegi perimetri boýunça duzlulygy 1 g/l-den ýokary suw toplumy bilen gurşalyp alnandyr. Şonuň üçin ony linza görnüşli diýip atlandyrýarlar. Bu suwlaryň emele gelşini hünärmenler, esasan, atmosfera çökündileri bilen baglaşdyrýarlar. Suwuň gelip çykyşyny gadymy uly derýalaryň we uly çuňluklardan ýokary ornaşýan infiltrasion suwlaryň täsiri bilen baglaşdyrylýan çaklamalar hem bar.