«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024
Her bir ynsan üçin kitapdan uly sowgat ýokdur. Onuň gadyr-gymmaty, ähmiýeti, baýlygy hiç bir sowgatdan peslär ýaly däl. Taryhda ata-babalarymyz kitap bilen birlikde kitaby köp okaýan, kitaba hormat goýýan ynsanlara hem uly gadyr goýupdyrlar. Sebäbi kitap ynsanyň akyl-düşünjesiniň, edebiniň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine uly itergi berýändigine göz ýetiripdirler. Şol sebäpli-de, kitabyň adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, onuň dünýäsini gözelleşdirmekde ähmiýeti diýseň uludyr.