Akyldaryň keşbini döreden ussat

31 Ýanwar 2024
516

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy giňden bellenilýän şu ýylyň turuwbaşdan dürli dabaraly çärelere beslenip rowaçlanmagy köňüllerimize buýsanç duýgularyny eçilýär. Akyldar şahyrymyzyň şanyna bagyşlanan medeni çäreler çar ýanymyzy gurşap alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana köňlünden joşup çykan ajaýyp şygryndan ugur alyp atlandyrylan ýylymyzda ilkinji günlerden dabaraly çäreleriň, maslahatlaryň ýaýbaňlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijilik dünýäsi, gyzyldan gymmatly goşgy setirleri her bir ynsan üçin görelde mekdebi hasaplanylýar.

Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda ussat suratkeş, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň guraljakdygy aýdyldy. Bilşimiz ýaly, Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda Bagyr obasynda dünýä inýär. Ol ilki çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky ýatymlaýyn mekdebiň sungat bölümine okuwa girýär. Onuň on üç ýaşyndaka «Pagta meýdanynda dynç alyş» atly surat eseri çaga suratkeşleriň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Bu bolsa ýaşajyk suratkeşiň ylhamyny joşduryp, kämilleşmäge bolan islegini artdyrýar.

Gözel SEÝIDOWA,
«Daşoguz habarlary».