Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak boýunça dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Kitaphanalar bu günki gün adamlaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde kitaphanalarda hyzmat etmegiň täze, döwrebap usullary ýola goýuldy. Olarda çeper we ylmy, edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli kitaplary, özlerine gerek bolan edebiýatlary okyjylaryň diňe kataloglaryň we kartotekalaryň kömegi bilen däl, eýsem, elektron görnüşdäki kataloglardan, internet ulgamyndan gözläp, tapyp bilmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegi wagty tygşytlamaga ýardam berýär.
Halkymyzyň gymmatly hazyna bolan kitaba ähli döwürlerde-de uly sarpa goýandygyny N.Saryhanowyň «Kitap» atly eserindäki Welmyrat aganyň maşgala eklenjiniň çeşmesi bolan guba düýesini kitaba çalşandygyndan bilýäris. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitap ylym-bilime höwesli ýaşlarymyz üçin gerekli maglumatlaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär.