Ekologiýa abadançylygy — ösüşiň möhüm ugry

30 Ýanwar 2024
1711

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, oňa milli baýlyk hökmünde aýawly garamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş ýörelgesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge Türkmenistanyň döwlet syýasatynda, milli maksatnamalarynda, ägirt uly düzümleýin taslamalarda öz beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň tebigy baýlygyny, ekologiýa abadançylygyny saklamak, bu bahasyz baýlygy artdyryp, geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda geçirilýän işler, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, ykdysadyýetiň senagatlaşmagynda «ýaşyl ykdysadyýeti» kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler ylma daýanýan ekologiýa innowasiýalarynyň aýdyň mysallarydyr.

Ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Ylmy gazanylanlaryň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp peýdalanylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup, ösüşiň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagynyň nusgalary näçe diýseň bar. «Akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäherinde bina edilen desgalar ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologiýalar babatda dünýäniň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär. Pudaklarda serişde tygşytlaýjy täzeçe tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Gurulýan döwrebap desgalar ekologiýa ölçeglerine laýyk getirilýär. Howanyň arassalygyna netijeli gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, ýörite çäreler durmuşa geçirilýär. Ýerleriň melioratiw meselelerini çözmekde innowasion çemeleşmelere, ylmyň soňky gazananlaryna, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan iri suw hojalyk taslamalary toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

Aknur AKLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl magistranty.