Älem syrlaryna akyl ýetiren şahyr

30 Ýanwar 2024
1360

Häzirki döwürde söz ussadynyň mirasyny ylmy esasda öwrenmek Magtymgulyny öwreniş ylmynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Çünki akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine giňden taýýarlyk görlüp, bu babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Beýik akyldaryň döredijiliginde mifler, asman, Ýer, Gün, Aý, ýyldyzlar bilen baglanyşykly kosmogoniki (älemiň gelip çykyşy hakyndaky taglymat) garaýyşlar uly orun tutýar. Söz ussady goşgularynda mifologik sýužete ýüzlenmek bilen, adamlara örän täsin, gizlin, syrly aňlatmalary beýan edýär. Şahyryň bu ugurda döreden şygyrlarynyň içinde «Niçe ýaşyndadyr» atly goşgusy mifologiki sýužetiň ajaýyp nusgasydyr. Elbetde, bu şygyr babatda magtymgulyşynas alymlar ylmy garaýyşlaryny beýan etdiler. Biz hem şol alymlaryň pikirlerini içgin öwrenip, bu şygyr babatda öz garaýyşlarymyzy beýan etmegi makul bildik. Şahyryň bu şygrynyň esasynda öküz, Ýer, asman, Gün diýen düşünjeler durýar.

Ýer göteren sary öküz,
Bilmen, niçe ýaşyndadyr.
Tört müň tört ýüz aýagy bar,
Hemmejesi döşündedir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
mirasgär.