Köne kompaniýanyň könelmez hyzmaty

29 Ýanwar 2024
514

Türkiýäniň dokma önümlerini öndürýän öňdebaryjy «Nuriye Tekstil» kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyldan hem gowrak wagt boldy.  «Nuriye Tekstil» kompaniýasy gündelik durmuşda ulanylýan ýorgan-düşek toplumlaryny, olaryň daşlyklaryny, dürli görnüşli çalgyçlary, hammam üçin halatdyr şypbyklary, halydyr palaslary, ýaňy doglan bäbäklere, şeýle-de uly ýaşly çagalara niýetlenen dürli görnüşli, owadan bezegli eşikleri öndürýär. Kompaniýa önümlerini GDA ýurtlarynyň ählisine-de eksport edýär.

Bu ýokary öndürijilikli kompaniýada önümleri sargyt boýunça islendik ýurda eltip bermek hyzmaty-da ýola goýlandyr.