«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024
Taryhyň sahypalarynyň gatlarynda akylymyzy haýrana galdyrýan syrly ýaşaýyş ýatyr. Taryhy çeşmeler bizi ol syrly dünýäniň içine aralaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda taryhymyz giňişleýin öwrenilýär. Halkymyzyň ata-babalarynyň ýaşaýşyny, olaryň alyp baran döwlet kanunlary bilen bagly syýasaty içgin bilmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Dürli dillerde beýan edilen türkmen halkynyň ykbal ýodalary baradaky taryhy wakalar öz ene dilimize geçirilip, olar baý maglumatlar çeşmesi bolup hyzmat edýär.