Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

22 Ýanwar 2024
868

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr.

Häzirki döwürde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň, abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.

(TDH)