Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy

19 Ýanwar 2024
1702

16-17-nji ýanwarda ýurdumyzda «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» ady bilen türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty geçirildi.

Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri bolan Abu Seýit Abul Haýyr — Mäne baba Merkezi Aziýada ylym-bilimiň gülläp ösmegine uly goşant goşupdyr, ýüzlerçe şägirtleri ýetişdiripdir. Şeýle hem öz meşhur rubagylarynda şerigatyň kada-kanunlaryny, sopuçylyk tefsirlerini we olar baradaky düşünjelerini, pikir-garaýyşlaryny gysgadan gelen çuňňur manyly şöhlelendiripdir. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, Mäne babanyň yzyna eýerýän sopudyr müritleriň kemala gelmegi bilen, onuň «Müritlik — myratlyk» diýen tarykaty döräpdir.

"Nesil".