Mähirli dünýä

16 Ýanwar 2024
1441

Bizi mähir, mähremlik özüne çekýär. «Mähremlik» diýlende, ilki bilen, bizi hossarlyk mähri bilen çoýup, uly durmuşa ak pata beren ezizlerimiziň atlary dilimizde sena bolýar. Olar, ilki bilen, eje, ene, mama, uýa, aýal dogan, gelneje, daýza, ejeke... diýýän mähribanlarymyzdyr. Olar, misli, mähir melekleri ýaly, bizi göze görünmeýän näzik alada parçalary bilen gundap, ýüregimiziň, kalbymyzyň süýt ýaly ak, halal bolmagy ugrunda ellerinden gelenini aýaman, baryny bagyşlap ulaldýan dözmezlerimizdir. Türkmençilikde gyz çaga dünýä inende, ene-ata «Ýaşy uzak bolsun, baýapsyňyz!» diýilýär. Bu ýerde gyz dünýä inen öýüň ruhy taýdan baýamagy göz öňünde tutulýan bolsa gerek. Sebäbi gyz perzende bolan üýtgeşik näziklik türkmeniň ganynda bar. «Gyz göwni näzikdir, dutaryň tary», «Degmäň gyzyň göwnüne, myhmandyr, gonar gider» diýip, aýdym edip aýdýan halkymyz gyz balasyny «Göwün hoşum» diýip söýgüleýär.

Bagşylaryň dilinden «Aýsoltan diýen uýam bardyr» diýip, ýat ýurtda gapyllykda horluga düşen Bezirgeniň uýasyny ýat edip aýdan zaryn aýdymyny ýa-da Magtymguly Pyragynyň: «Zübeýda, naçarym, diňle» diýip, iň pynhan syryny eziz uýasyna aýdyşyny diňlänimizde, bütin durkumyz, ýüregimiz lerzana bolýar. Gyz dogan, naçar dogan dözmeziň, dönmeziň bolup, ykbalyňda ýer alýar. Hadysda gürrüň berlişine görä, Muhammet pygambere ýetim galan çagany kimde galdyrmalydygy barada sala salnanda, ol ony daýzasyna bermegi ündäpdir. «Daýza ejäniň ýarysydyr» diýip, aýal doganyň ezizliginiň doganynyň çagalaryna-da siňýändigini ýaňzydypdyr. Türkmeniň aýal dogana bolan şeýle gatnaşygy «Dogran ejeň bolmasa, dogan daýzaň ýokmudy» diýen atalar sözünde teswirlenýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».