Beýik Ýüpek ýolunyň altyn halkasy

12 Ýanwar 2024
807

Ata-baba ýol-ýörelgelerimizden ugur alyp, ýurdumyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde öz ýoluny saýlamaga ymtylýar. Goňşy döwletler bilen dostluga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýurdumyzda giň mümkinçilik döredilýär. Şunda ýokary tizlikli, howpsuz we häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti uludyr.

Özara bähbitliligi, köpugurlylygy bilen tapawutlanýan daşary syýasatymyz we halkara gatnaşyklarymyz hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmelerine daýanýar. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa, suw, ulag-üstaşyr, ekologiýa diplomatiýalary bilen baglanyşykly taglymatlarynyň rowaçlanmagyna şert döredýär. Bu meseleler boýunça sebit we dünýä ähmiýetli asylly başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Dünýä döwletleri bu ýörelgeleri türkmen Bitaraplygynyň işjeňleşmeginiň aýdyň nusgasy hökmünde ykrar edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan geosyýasy we geografiki mümkinçiliklerini, ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny milli we umumadamzat bähbitleriniň hatyrasyna peýdalanmaga gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Gurlup ulanmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gazgeçirijileri diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, dünýä möçberinde örän uly taryhy ähmiýete eýedir.

Ýegendurdy ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.