“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde uçar gatnawlarynyň toruny giňelder we awiakompaniýa Saud Arabystanynyň Jidde hem-de Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine awiagatnaw hyzmatyny berip başlar. Kuala-Lumpur şäheirne gatnawlar 15-nji fewralda, Jidde şäheirne bolsa 16-njy fewralda başlanar.
“AeroRoutes” kompaniýasynyň saýtynyň maglumatyna görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Jidde şäherinde hepdede 3 gezek, Kuala-Lumpura bolsa, hepdede 2 gezek uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer.