«7/24. tm» № 02 (189), 08.01.2024
Magtymguly Pyragy XVIII asyryň türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry we häzirkizaman edebi dilini esaslandyryjydyr. Magtymgulynyň döredijilik şahsyýetiniň kemala gelmegi, ilkinji nobatda, onuň kakasy, öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri bolan Döwletmämmet Azadynyň ady bilen baglydyr. Döwletmämmet Azady halkyň arasynda Garrymolla ady bilen belli eken. Azadynyň we onuň aýaly Orazgülüň alty çagasy bolupdyr (5 oglan, 1 gyz).