Döwletli işlere dowamat ýagşy

30 Dekabr 2023
2493

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň beýik işleri netijesinde, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryha eýe türkmen halky medeni, maddy, ruhy mirasa, däp-dessurlara, çeper döredijilige baý halk. Olar halkyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen paýhas hakydasydyr, şu gününe ygtybarly ynamy, ertirine çelgidir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Medeni miras — maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem tümlügi — gündizlige, çöli — lälezarlyga, duşmançylygy — dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan güýçdür» diýen sözleri her halkyň geljekki ykbalynyň geçen şöhratly taryhy ýoluna, medeni gymmatlyklaryna daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.