Işleri ilerleýän ýaş kärhana

24 Dekabr 2023
1617

Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelýän günlerinde bazarlarymyzda we söwda nokatlarynda dürli görnüşli sowgatlyklaryň, azyk harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Haryt bolçulygyny üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileriniň hem mynasyp paýy bar. Watanymyzyň okgunly ösüşine uly goşant goşýan hususy pudagyň ýaş kärhanalary hem sazlaşykly işleri ýola goýmak bilen, gysga döwürde oňyn netijeleri gazanýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň sany barha artýar. 2022-nji ýylyň fewralynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde açylyp, ulanylmaga berlen «Altyn şöhle» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhana şolaryň biridir. Bu kärhana gysga döwrüň dowamynda içerki we daşarky bazarda uly islege eýe bolan önümleri öndürmegi üstünlikli ýola goýmak bilen, täze sepgitlere gadam urýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».