Mahabat işinde kämillik

24 Dekabr 2023
1581

Adamyň isleg-arzuwy serhetsiz bolýar. Gowy ýaşamaga, täze zatlary döretmäge bolan ymtylyş dünýä ýaşaýşynyň başlan gününden bäri adamzadyň kalbynda şinelän bolsa gerek.

Dünýäni ylmy açyşlaryň täze tapgyrynyň gurşap alan zamanasynda, bu günki günde adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy görnetin ýeňilleşdi. Häzirki wagtda täze ylmy-amaly pudaklar, kär-hünärler, täze ugurlar ösüşiň çür depesine çykdy. Innowasion tehnologiýalaryň döwrebap modelleriniň ýylsaýyn artmagy, olaryň kuwwatlylygynyň, tizliginiň özünden öňkülerden oňyn tarapa tapawutlanmagy biziň durmuş akymymyzdaky adatylyga öwrülip barýar. Bu ýagdaý dünýä ýaşaýşyndaky iň ýokary gymmatlyk hasaplanýan adam faktorynyň beýnisinden çykan ägirt uly taslamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Aýjahan Annabaýewa,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory.