“Ylymly il ozar”

21 Dekabr 2023
1637

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Preziden-timiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerine oňat düşünýän, ylymly, bilimli bo-lup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, he-mişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üs-tünliklere, eýelenýän belent sepgitlere tüýs ýürekden buýsanýarys. Ylym-bilim ulgamynda milli özgertmelerimiz üstünlikli alnyp barylýar we maksatnamalarymyz durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Ýurdumyzda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, orta mekdepleriň döwrebaplaşdyrylmagy, häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär.