Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwletimizi parahatçylygyň ilçisi kepderä meňzedip, onuň bir ganatyny «Garaşsyzlyk», beýleki ganatyny «Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Juda jüpüne düşen meňzetme, çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki bedew batly köpugurly ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini bu iki gudratdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.
Mähriban çagalar, sentýabr aýynda 32 ýyllyk toýuny uludan bellän Garaşsyzlygymyz — biziň baş baýramymyz. Çünki özbaşdak ösüşimiziň milli ýolunda ýeten ähli sepgitlerimiziň, gazanan köpugurly üstünliklerimiziň gözbaşynda Garaşsyzlyk gudraty durandyr. Biziň gürrüňini etmekçi bolýan hemişelik Bitaraplygymyz hem diňe döwlet Garaşsyzlygymyzdan soň mümkin boldy. Ýöne Garaşsyzlyk Bitaraplyga ýol açýan-da bolsa, dünýä döwletleriniň ählisiniň goldawyny gazanyp, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Muny häzirki döwürde dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hem ýeke-täk Bitarap döwletiň biziň ata Watanymyzdygy bilen hem düşündirmek bolar. Özem türkmen Bitaraplygy hakyndaky Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen kabul edildi.