Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýmek bilen, häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň ornuna, olaryň jogapkärçiligine we adamzadyň olara bildirýän ynamyna aýratyn ähmiýet berdi.
Ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň iýun aýynda tassyklanylan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygy, ýaş žurnalistleriň arasynda tejribe alyşmak ýaly çäreler bu işlere ýardam berer. Strategiýada göz öňünde tutulan bedenterbiýe we sport, şol sanda dürli ýaryşlary guramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.