Mälim bolşy ýaly, 10-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti bu taslamanyň, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, goňşy döwletiň demir ýol infrastrukturasyny giňeltmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakynda Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de senagat we söwda ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça ösdürmegiň meselelerine garaldy. Hususan-da, taraplar ýokarda agzalan möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki döwletiň daşary işler ministrleri, wekiliýet agzalary gurluşygy türkmen hem-de owgan kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýan energetika, ulag ulgamynyň desgalaryna baryp gördüler.