Üstümizdäki ýylyň dekabr aýynyň 8-9-na mermer paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçen bu wekilçilikli forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde öňe süren başlangyjy boýunça guraldy. Iki günläp dowam eden bu iri halkara forumda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, onuň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlaryny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilip geçildi.
Daşary döwletler, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk häzirki döwrüň meseleleriniň giň toplumy boýunça sazlaşykly çemeleşmeleri, deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamak ugrunda işjeň çykyş edýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalar, hususan-da Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, şonuň ýaly-da iri lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.