Her bir ynsanyň durmuşynda bolşy ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar.
Dünýä ýüzünde ilatyň sekiz milliarddan geçen zamanynda «bitarap döwletli bolmak» diýen jümläniň many-mazmuny başgaça ýaňlanýar. Munuň özi tutuş Zeminiň ilatynyň arkaňda durýandygyndan alamatdyr. Eger-de biz bu düşünjäni has sada dil bilen aňlatsak, onda iki tarapyň arasyndaky jedelde olaryň hiç birine gol ýapmazdan, ikisine-de deň araçy bolmak ýaly manynyň gelip çykýandygyna göz ýetireris. Beýleki bir tarapdan, bitaraplyk aýratyn hukuk ýagdaýly döwletiň häsiýetidir. Bitarap döwletiň daşary syýasy ugry ýaragly çaknyşyklara gatyşmazlyk, hiç hili syýasy-harby toparlara girmezlik bilen şertlendirilendir.