Köpugurly gatnaşyklary ilerletmegiň ýolunda

7 Dekabr 2023
891

Paýtagtymyzda iki ýurduň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu komitetiň hytaý tarapyndan başlygy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Komitetiň 6-njy mejlisiniň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde däp bolan söwda-ykdysady, ulag, energetika pudaklary görkezildi. Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar. Muňa mysal hökmünde özara tagallalaryň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilen ägirt uly transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Onuň üsti bilen türkmen tebigy gazy HHR-e bökdençsiz iberilýär.