Geçmişdäki belli türkmen lukmanlary

7 Dekabr 2023
1738

Adamzadyň umumy mirasy bolan ylmyň ösmegine mynasyp goşandyny goşan alymlaryň hatarynda türkmenleriň geçmişde ýaşap geçen tanymal lukmanlaryny bellemek gerekdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda: «Türkmen lukmançylygynyň milli mirasynyň köklerini goýup giden beýik şahsyýetleriň ömrüni, hünär döredijiligini, ylmy mirasymyzy öwrenmek biziň nesillerimiziň mukaddes borjudyr» diýen sözlerinden belli bolşy ýaly, geçmişde uly yz galdyran lukmanlaryň, tebip alymlaryň ömri we lukmançylykda bitiren hyzmatlaryny giňişleýin öwrenmek, olar dogrusynda maglumatlary toplamak bu günki nesliň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmeniň belli lukmanlary Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Abu Sähl ibn Ýahýa al-Masihi Jürjany, Omar Çagmini, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmeni, Seýit Ysmaýyl Jürjany, Ahmet ibn Muhammet ibn Taýýyp Sarahsy, Aly Ahmet Nesewi ýaly alymlaryň atlaryny buýsanç bilen ýatlamalydyrys.

Abu Sähl ibn Ýahýa al-Masihi Jürjany X-XI asyrlarda ýaşap geçen belli alymdyr. Bu görnükli şahsyýet Hazar deňziniň günorta-gündogaryndaky Gürgen (Jürjan) şäherinde doglupdyr. Gürgende, Bagdatda, soňra Horezmde Abul Apbas Mäminiň köşgünde işläp, Köneürgençde ýaşapdyr. «Lukmançylyk boýunça ýüz sorag», «Tebigat hakynda ylym», «Umumy lukmançylyk», «Mama keseli barada makala», «Gyrgyn keseli barada kitap» atly kitaplarynda lukmançylyga, farmakologiýa degişli gymmatly maglumatlar berilýär. Gaznaly türkmen hökümdary Mahmyt Gaznaly öz köşgüne işlemäge çagyranda ol razylaşman, şägirdi ibn Sina bilen Gürgene tarap gidip barýarkalar 1011-1012-nji ýyllarda ýolda aradan çykypdyr.

Gurbangeldi MAŞADOW.