24-nji noýabrda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda Günbatar Türkmenistan sebiti boýunça nebitiň, gazyň we kondensatyň çykarylyşyny ýokarlandyrmagyň meselelerine bagyşlanyp, «Ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmagyň ýollary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň we ýaş hünärmenleriniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi.