Taryha baý Garagum

4 Dekabr 2023
1234

Garagum ýurdumyzyň taryhynda we edebiýatynda uly ähmiýete eýedir. Birmahallar Garagumuň eýeleýän ýerinde ösen şäherler, şeýle hem Marguş ýurdy hem bolupdyr. Häzirki döwürde gumuň içinde halkymyzyň uly sarpa goýýan ýadygärlikleri az däldir. Çünki bu ýerde ýaşaýşyň özboluşly ýörelgesi hem-de däp-dessurlary emele gelipdir. Gadymy döwürlerden bäri Garagumda dowar sürüleri bakylypdyr, çopanlaryň, mergenleriň hem-de awçylaryň pişesi sähra bilen bagly bolupdyr. Bu ýerde itleriň alabaý we tazy ýaly täsin tohumlary ýetişdirilipdir. Çägeli ýollary söküp geçmek ahalteke bedewlerinde çydamlylyk, çeýelik... ýaly häsiýetleri kemala getiripdir. Tomsuna salkyn we gyşda ýyly bolýan türkmen ak öýleri hem Garagumda döräpdir.

Garagum tebigatyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden täsin sazlaşygynyň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde gum alaňlary hem-de daş ýaly gaty takyrlar aýratyn sazlaşyk döredýär. Çäge takyryň üstüni örtüp bilmeýär. Sebäbi takyrlaryň üsti örän tekizdir. Şoňa görä-de, çäge ýeliň täsiri bilen onuň üstünde saklanmaýar. Ýene-de bir täsin zat: adatça, Garagum sährasy örän gurak ýer hasaplanylýar. Şol bir wagtyň özünde, tutuş Garagumuň astynda, uly çuňlukda ýerasty suwlaryň uly gorlary ýerleşýär. Dogry, olaryň köpüsi güýçli minerallaşan suwlardyr. Olaryň arasynda has çuňlukda ýerleşýän süýji suwlar hem bar. Galyberse-de, bu ýerdäki gum alaňlarynyň ählisi birmahallar uly derýalaryň suwunyň getiren çägesinden döräpdir.

Nowruz GÜÝJOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.