Ýaşlar — bagtyýar geljegi gurujylar

4 Dekabr 2023
1393

Türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Bakygeldi NURYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy.