Gümrük üpjünçiligi we demir ýol ulaglary

3 Dekabr 2023
756

Ýakynda Mary welaýat gümrükhanasy tarapyndan «Ýurdumyzyň gümrük çäginden gümrük üpjünçiligi bilen demir ýol ulaglarynda daşalýan harytlaryň wagonlaryndaky kybaplaýyş serişdeleriniň ýok edilmegi, zaýalanmagy, üzülmegi we goparylmagy bilen bagly düzgün bozmalaryň öňüni almak» atly pudagara maslahat geçirildi.

Maslahata Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hem-de «Demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň degişli şahamçasynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Demir ýol ulaglaryndaky wagonlarda ýurdumyzdan eksport we import edilýän hem-de üstaşyr geçýän ýüklerde wagonlardaky kybaplaýyş serişdeleriniň talabalaýyk saklanylmagy örän möhümdir. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde bu işleriň örän möhümdigi aýratyn bellenilip geçildi. Bu ugurda milli kanunçylygymyza laýyklykda gümrük gözegçiliginiň talabalaýyk amala aşyrylyşy barada gümrük işgärleri giňişleýin çykyş etdiler.

Şöhrat SEÝTIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.