28-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, özara gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň täze usullaryny hem-de görnüşlerini ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar.