Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

1 Dekabr 2023
762

Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dubaýda dowam edýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) plenar mejlisinde eden çykyşynda habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, Ählumumy metan borçnamasyna gatnaşýan döwletler ählumumy derejede metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça umumy tagallalara goşant goşmak üçin meýletin hereketleri amala aşyrýarlar. Şu babatda ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň noýabrynda Glazgoda geçirilen «COP26» maslahatyna gatnaşmagy möhüm waka boldy. Şol ýokary derejeli forumda türkmen tarapynyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, giňişleýin gatnaşmak maksady bilen, ony jikme-jik öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi mälim edilipdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda şu barada aýdyp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny hasaba alyp, şeýle-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyzda Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň (NDС) tassyklanandygyny belledi. Bu strategik resminamada 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň möçberini, 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistan»
Dubaý ş.