Tebigat we tejribe: üznüksiz üýtgeýişleriň gadymy pelsepesi

1 Dekabr 2023
1391

Şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň (COP-28) 28-nji maslahaty geçirilýär. Maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Ýurdumyz ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşip, bu işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Geçmişe nazar aýlanymyzda-da, halkymyzyň tebigat bilen hemişe sazlaşykly ýaşandygyna göz ýetirýäris.

Taryhy öwrenmegiň gözbaşynda ynsanara gatnaşyklardan kän ozal kemala gelen şert, ýagny janly-jandaryň döremegine getiren daşky gurşawyň özüniň emele gelşi dogrusyndaky tebigat ylymlarynyň çemen-dessesi ýatyr. Diýmek, gadymy taryhy öwrenmek işi bu ugurda toplanan tejribeden, ylaýta-da, munda has esasly we ygtybar-ykrarly ylmy tejribeden başlanylsa, hem maksada, hem mantyga laýyk, çünki geçmiş ýaşaýyş döremezden-de kän öňinçä janly-jandara hem ata, hem ene bolan, ýagny taryha ýaşaýyş getiren, özem muny biminnet peşgeş beren tebigatdan başlanýar.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».